Şu gün, 15-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Tatar kyzy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, bu bäsleşigiň milli däpleri, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga we medeniýetara dialogy pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm medeni-ynsanperwer meýdança hökmünde ähmiýeti bellenildi.
Türkmen tarapy öňde boljak çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge we onuň üstünlikli geçirilmegi üçin zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar mundan beýläkki netijeli hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.