Dünýädäki iň uly aýsberg öz wezipesini tamamlady. Hemra arkaly geçirilen gözegçilikler, onuň 40 ýyllygyna az wagt galanda birnäçe bölege bölünendigini görkezdi. Şeýle-de bolsa, onuň bölekleri hem kiçi däl.
Iň uly bolan döwürlerinde “A23a”-nyň agramy, takmynan, bir trillion tonna, meýdany bolsa 3988 inedördül kilometr bolupdyr. Buz 1986-njy ýylda Antarktidanyň Filhner buzlugyndan bölünip aýrylypdy, emma birnäçe onýyllygyň dowamynda suwuň ýalpak ýerine batyp galdy. Diňe 2020-nji ýylda ol ýerinden gozganyp başlady.
Şondan bäri aýsberg demirgazyga tarap, takmynan, 2300 kilometr ýol geçdi. Onuň hereketlerini dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe alym yzarlady. Weddell deňzinden çykandan soň, aýsberg girdaba düşdi we şol sebäpli ýene-de uzak wagtlap bir ýerde saklandy. Emma 2024-nji ýylyň dekabrynda ol demirgazyga tarap akym bilen hereketini dowam etdirdi.
Soňra aýsberg baý ekoulgamy bolan Britaniýa degişli Günorta Jorjiýanyň kenarýakasyna golaýlaşdy. Alymlar onuň ýerli jandarlara we ösümlik dünýäsine zyýan ýetirmeginden gorkupdylar. Emma 2025-nji ýylyň martynda “A23a” howpsuz bir ýerde saýlyga batdy. Soňky aýlarda aýsberg çalt eredi we dargady. Onuň doly böleklere bölünmezinden ozal meýdany 170 inedördül kilometre çenli azaldy.
Awstraliýanyň Meteorologiýa býurosynyň alymlary soňky hepdelerde aýsbergiň üstüni, hamala, tebigat ony nätanyş gözlerden gizlemek isleýän ýaly bulutlaryň örtendigini bellediler. Muňa garamazdan, häzirki zaman enjamlary bu äpet buz bölegini surata düşürmegi başardy.
“The Daily Mail” neşiriniň habar bermegine görä, aýsbergiň iň soňky suraty 3-nji aprelde düşürildi. Suratda ondan diňe kiçijik bölejikleriň galandygy görünýär.