Ýaz pas­lyn­da duş ge­lin­ýän tä­sin ha­dy­sa­la­ryň bi­ri hem ýer­den gü­be­ri­lip çyk­ýan kö­me­lek­ler­dir. Kö­me­lek ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Kö­me­lek nä­dip gö­ger­ýär, kö­me­le­gi iý­me­li­mi ýa-da iý­me­li däl­mi di­ýen so­rag­lar uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da adam­la­ry pi­kir­len­di­rip­dir.
Kö­me­le­giň dün­ýä­de 14 müň gör­nü­şi bo­lup, olaryň 2 müň­den gow­ra­gy iý­mä­ge ýa­ram­ly ha­sap­lan­ýar.
Ýer­den çyk­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, kö­me­lek ösüm­lik ha­sap­lan­ma­ýar.
Kö­me­le­giň ýo­kar­ky gü­ber­çe­gi­ne tel­pek, ýe­re gir­ýän uzyn bö­le­gi­ne bol­sa gö­bek di­ýil­ýär.
Kö­me­lek­de fo­to­sin­tez ha­dy­sa­sy geç­me­ýär. Şol se­bäp­li, ki­çi­jik sa­ýa­wan­jyk ak, ýag­ny reňk­siz (pig­ment­siz) gö­rün­ýär.
Kö­me­le­giň gö­ger­me­gi üçin ýag­ty­lyk ze­rur däl. Tel­pek­li iý­mi­tiň ýer­den çyk­ma­gy üçin ga­raň­ky­lyk, çyg­ly­lyk we bi­raz gyz­gyn­lyk ge­rek.
Kö­me­lek, esa­san hem, adam aýa­gy kän bas­ma­dyk, ösüm­lik çüý­rünt­gi­le­ri köp bo­lan meý­dan­da peý­da bol­ýar.
Kö­me­le­giň tel­pe­ji­gi­niň aşa­gyn­da kö­pe­liş spo­ra­la­ry bar. Bu spo­ra­lar çüý­räp top­ra­ga ga­rylyp, gel­jek ýyl ýaz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len tä­ze­den gö­ger­ýär.
Dü­zü­min­de D wi­ta­mi­ni bolan kö­me­lek­ler ga­raň­ky­da ýal­pyl­da­ýar­lar.
Kö­me­lek kos­mos­ bekedinde synag maksady bilen ösdürilip ýetişdirildi.
Kö­me­le­giň kä­bir gör­nü­şi plast­mas­sa­ny dar­gat­mak­da ula­nyl­ýar.
Ýaz­da ýa­gy­nyň köp ýag­ýan­dy­gy hem-de Ýe­re ýy­ly gir­ýän­di­gi se­bäp­li, ba­har pas­ly­nda kö­me­le­ge köp duş ge­lin­ýär. To­mus pas­lyn­da ho­wa­nyň gu­rak­ly­gy se­bäp­li kö­me­lek gö­ger­me­ýär. Güýz pas­ly­nyň ýa­gyn­ly gün­le­rin­de hem kö­me­lek gö­ger­ýär, em­ma çyg­ly­ly­gyň pes­di­gi se­bäp­li, der­rew çüý­re­mek bi­len bol­ýar.
Te­bi­gat­da bit­ýän kö­me­lek­le­riň ara­syn­da zä­her­li­leri hem bar. Şol se­bäp­li kö­me­lek çöp­le­nen­de ýa-da iý­len­de se­re­sap­ly bol­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl.