Aýak­gabyň ilkinji görnüşini Azi­ýa­da ýa­şan çar­wa taý­pa­la­ry ge­ýip­dir. Tak­my­nan, 1000-nji ýyl­lar­da skif­ler at mü­nen­le­rin­de aýa­gy­ny ot­dan-çöp­den go­ra­mak üçin de­ri­den ti­ki­len uzyn gonç­ly aýak­gap­la­ry ge­ýip­dir­ler.
Re­zin bi­len ör­tü­len il­kin­ji aýak­gap 1830-njy ýyl­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Çarlz Gud­ýer gyz­dy­ry­lan kau­çu­ga kü­kürt goş­mak bi­len aýak­gap ön­dür­mek üçin çe­ýe ma­te­ri­al taý­ýar­la­ýar.
Il­kin­ji sport aýak­gap­la­ry 1860-njy ýyl­lar­da peý­da bol­ýar. «Plim­solls» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu kros­sow­ka­lar ma­ta­dan ti­ki­lip, ök­je­sin­de ma­ýyş­gak re­zin goý­lup­dyr. Bu kros­sow­ka­lar­da il­ki­baş­da kro­ket we ten­nis oý­na­lyp­dyr.
«Conver­se All Stars» fir­ma­sy il­kin­ji bo­lup köp­çü­lik­le­ýin bas­ket­bol köw­şü­ni ön­dür­ýär. 1917-nji ýyl­da dö­re­di­len ýyl­dyz­ly ke­ta­lar iň meş­hur sport aýak­gap­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­ýär.
«Adi­das» we «Pu­ma» ýa­ly meş­hur kom­pa­ni­ýa­lar do­gan­la­ryň bäs­deş­li­gi esa­syn­da dö­re­dil­ýär. Adolf (Adi) Dass­ler «Adi­das»-y, do­ga­ny Ru­dolf Dass­ler «Pu­ma»-ny esas­lan­dyr­ýar.
Be­ýik ök­je­li aýak­ga­by il­ki­baş­da ze­nan­lar däl-de, er­kek­ler ge­ýip­dir. X asyr­da pars es­ger­le­ri at mü­nen­de aýa­gy­ny berk sak­la­mak üçin ök­je­li aýak­gap ge­ýip­dir­ler. Bu stil soň­ra Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ýaý­rap, ze­nan­la­ryň ara­syn­da meş­hur bo­lup­dyr.
XVII asyr­da be­ýik ök­je­li gy­zyl kö­wüş­ler Fran­si­ýa­da mo­da­nyň ny­şa­ny­na öw­rül­ýär.
Ame­ri­ka­da ýa­şa­ýan­la­ryň or­ta­ça 19 jü­büt aýak­ga­by bar. Ame­ri­ka­ly­lar­da ze­nan­la­ra gö­rä, er­kek­ler aýak­gap kol­lek­si­ýa­sy­na has köp üns ber­ýär­ler.
Dün­ýä­de iň be­ýik ök­je­li kö­wüş 50 san­ti­metr be­ýik­lik­de bo­lup, uzyn köw­şi hin­di di­zaý­ne­ri Jeýms Si­ýe­miong iş­läp taý­ýar­la­ýar. Tag­ta bi­len gön­den ýa­sa­lan, ýü­zün­de gaş­la­ry bo­lan go­ňur aýak­gap mo­da­nyň ny­şa­ny­na öw­rül­ýär.
Her ýyl dün­ýä­de 20 mil­liard jü­büt aýak­gap ön­dü­ril­ýär. Aýak­gap önüm­çi­li­gin­de Hy­taý, Hin­dis­tan, Bra­zi­li­ýa we Wýet­nam ýa­ly ýurt­lar öňdeligi eýeleýär.
Dün­ýä­dä­ki iň uly aýak­ga­byň uzyn­ly­gy 6,4 metr, ini 2,4 metr we be­ýik­li­gi 1,65 metr bo­lup, 2013-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň Gon­kong şä­he­rin­de dö­re­dil­ýär.
1817-nji ýyl­da suw ge­çir­me­ýän re­zin aýak­gap oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Bu oý­lap ta­pyş daý­han­lara we açyk meý­dan­da iş­le­ýän­lere uly ýe­ňil­lik döredýär.
Soň­ky ýyl­lar­da «Xiao­mi» we «Di­git­so­le» ýa­ly söw­da mar­ka­la­ry ta­ra­pyn­dan «akyl­ly» aýak­gap­lar ön­dü­ril­di. «Akyl­ly» aýak­gap­lar ge­çen ýo­lu­ňy, ýa­kan ka­lo­ri­ýa­ňy we hat­da aýa­gyň gyz­gyn­ly­gy­ny bil­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Için­de sen­sor­lar or­naş­dy­ry­lan bu aýak­gap­lar smart­fon te­le­fon­la­ra bag­lan­ýar.