Niderland futbolynyň meşhur tälimçilerinden 20-ä golaý klubdur milli ýygynda tälim beren Leo Beenhakker 82 ýaşynyň içinde aradan çykdy. 1942-nji ýylyň 2-nji awgustynda dünýä inen Leo Beenhakkeriň meňki bolsun diýer ýaly futbolçylyk karýerasy bolmaýar. Ýöne onuň tälimçiligi şowly bolup, ol 1965-nji ýylda “SW Epe” toparyny türgenleşdirip başlaýar. Soňlugy bilen ol dürli ýyllarda “Go Ehed Iglz”, “Weendam”, “Kambuur”, “Aýaks”, “Saragosa”, “Wolendam”, Niderlandlaryň ýygyndysy, “Real Madrid”, “Grassoppers”, Saud Arabystanynyň ýygyndysy, “Klub Amerika”, “Istanbulspor”, “Guadalahara”, “Witesse”, Trinidad we Tobagonyň hem-de Polşanyň ýygyndylarynyň tälimçisi bolýar. Soňky ýyllarda “Feýenoord”, “Uýpeşt”, “Sparta Rotterdam” ýaly klublarda-da maslahatçy wezipesinde hem işleýär.

“Aýaks” bilen 2, “Feýenoord” bilenem 1 gezek Niderlandlaryň çempionlygyny gazanan Leo Beenhakker “Real Madridde” 3 sapar “La Liganyň” çempiony bolýar. Şa Kubogyny hem-de Ispaniýanyň Super Kubogyny hem gazanan Leo Beenhakkere ispanlar Don Leo lakamyny dakýar. Ol Trinidad we Tobagonyň ýygyndysyny 2006-njy ýylda Dünýä Kubogyna, Polşanyň ýygyndysyny-da 2008-nji ýylda Ýewropa çempionatyna çykarýar.