Sotheby’s auksionynda owalky SSSR-iň baýdagy satyldy. Ony amerikan astronawty Bazz Oldrin 1969-njy ýylyň iýulynda «Apollon-11» maksatnamasynyň çäginde Aýa uçulanda, ýany bilen alypdyr. Bu barada auksionyň müdirligi habar berdi.
Kiçeňräk baýdagyň boýy 15 we ini 10 santimetrden ybarat. Bazz Oldrin ony Aýa gonmagyň tutuş adamzadyň gazanan üstünligini nygtamak üçin diplomatik nyşan hökmünde ýanyna alypdyr. Baýdagyň ýokarky sag burçunda gök reňkli ruçka bilen: «Apollon-11-de Aýa getirildi» diýlen ýazgy hem-de astronawtyň goly bar. Söwdalaşyga şeýle hem Oldriniň haty goşuldy.
Ilkibada gymmatlyklar 7-10 müň dollar bahalandy, söwdalaşygyň ahyrynda 80 müň dollara satyldy.
Ýeri gelende aýtsak, şu gün – 20-nji iýulda mundan 57 ýyl öň adamyň ilkinji gezek Aýa gonmagynyň hormatyna Halkara Aý güni bellenýär.