Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýän hä­zir­ki gün­ler­de ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar­da üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar hem-de gel­jek­ki stra­te­gik mak­sat­na­ma­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­ýär. Bu mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy wa­ka­nyň bo­sa­ga­syn­da, ýaş ne­sil­le­riň ösüş de­re­je­si­ni, ýurt­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň maz­mu­ny­ny hem-de onuň dur­muş ugur­ly­ly­gy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty ýur­du­my­zyň äh­mi­ýet­li ösüş ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ýaş nes­liň dö­re­di­ji­lik, yl­my-bi­lim we zäh­met müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly ama­la aşyr­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze okuw möw­sü­mi üçin ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne gi­riş sy­nag­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy mu­ny aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­ýär. Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ka­bul edil­ýän ta­lyp­la­ryň sa­ny­nyň her ýyl art­dy­ryl­ma­gy bel­lär­lik­li­dir. Mun­dan baş­ga-da, ola­ryň hal­ka­ra bi­lim ul­gam­la­ry­na la­ýyk bi­lim al­ma­gy üp­jün edi­len ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de tä­ze ugur­la­ryň dö­re­dil­me­gi buý­san­dy­ry­jy­dyr.
Türk­men ýaş­la­ry­nyň ýur­du­my­zyň mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek we jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri­ne giň­den gat­naş­mak­la­ry­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça hem dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şun­da ta­lyp ýaş­la­ryň sent­ýabr aýy­nyň 23-ine ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne her ýyl­da gat­naş­mak­la­ry ýo­la go­ýul­ýar. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da­ky esa­sy wa­ka­la­ryň bi­ri­ bolan bu ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­ta türk­men ýaş­la­ry­nyň gat­naş­mak­la­ry döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­ki dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek ba­ra­da­ky ka­rar­la­ry­na go­şant goş­mak­la­ry­ny üp­jün ed­ýär. Bu bol­sa, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň kä­mil­leş­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Çün­ki ýaş­lar ba­ra­da­ky sy­ýa­sa­tyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi ýur­du­myz­da ösü­şiň ha­ky­ky he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ýaş­la­ryň döw­let do­lan­dy­ry­şy­na, yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­re, in­no­wa­si­on tas­la­ma­la­ra iş­jeň çe­kil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň be­lent mak­sat­la­ry­na do­ly ga­bat gel­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gö­rül­ýän dö­wür­de ýaş­la­ryň ara­syn­da dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­ni giň­den dü­şün­dir­mek, ola­ryň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ne hem-de Wa­ta­ny­my­zyň gal­ky­ny­şy­na bo­lan yna­my­ny art­dyr­mak mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir.
«Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» ýö­rel­ge­si hor­mat­ly
Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe süren baş şy­ga­ry­dyr we esa­sy sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik ýörelgesi­dir. Bu baş ýö­rel­ge ýaş­la­ryň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni, ola­ryň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de ka­bul edil­jek ka­rar­lar we bel­le­nil­jek tä­ze sep­git­ler ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň ylym-bi­lim we zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne bo­lan yna­my­ny has-da ber­ki­der.

Habib Halmamedow,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mugallymy.