Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmek Azerbaýjanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Prezident Ilham Aliýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň liderleriniň Çolpon-Atada geçen resmi däl duşuşygynda aýtdy.

“Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarymyz biziň daşary syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky üç ýylda men Merkezi Aziýanyň doganlyk ýurtlarynda umumy 16 gezek saparda boldum. Bu döwürde bu sebitden kärdeşlerim 26 gezek Azerbaýjanda boldular. Munuň özi biziň gatnaşyklarymyzyň golaýdygyny, bu gün Merkezi Aziýa bilen Azerbaýjanyň bitewi geosyýasy hem-de geoykdysady sebite öwrülendigini görkezýär” diýip, Aliýew nygtady.

“Meniň Azerbaýjanyň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň birek-birek bilen has golaýlaşmagyna we hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge ýardam berjek ähli tagallalary etjekdigine ynandyrasym gelýär” diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.