Ýuwaş ummanda ýerleşýän Nauru döwleti resmi adyny Naoero diýip üýtgetdi. Bu barada ýurduň Hökümetin beýanat berdi. «Indi Naoero Respublikasy – biziň öň Nauru diýlen döwletimiziň resmi ady. Ýaşaýjylar dei-Naoero diýlip atlandyrylar» diýlip, resmi beýanatda aýdylýar.

Ýurduň Parlamenti Prezident Dewid Adeang tarapyndan teklip edilen bu başlangyjy goldady. Adeangyň sözlerine görä, täze at «milletiň mirasyny, dilini we özboluşlylygy has gowy şöhlelendirýär».

Naoero meýdany 21,3 inedördül kilometr, ilaty 11 müň adam töweregi bolan Ýuwaş ummanyndaky kiçeňräk ada döwletidir. Naoero dünýäde iň kiçi garaşsyz Respublika hasaplanýar.