Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da ös­ýän ak­wi­la­ri­ýa aga­jy (Aqui­la­ria) dün­ýä­niň iň gym­mat aga­jy ha­sap­lan­ýar. Ak­wi­la­ri­ýa aga­jy­nyň bo­ýy 30 met­re, esa­sy sü­tü­ni­niň dia­met­ri 1 met­re çen­li ýet­ýär. Ga­by­gy­nyň reň­ki ça­lym­tyl-go­ňur bo­lup, kö­kün­den aň­sat­lyk bi­len aý­ryp bol­ýar. Bu aga­jyň fi­ku­sa meň­zeş ýap­ra­gy­nyň gy­ra­la­ry tüý­li bol­ýar. Ba­har pas­lyn­da jaň­ja­gaz şe­kil­de sa­ry gül aç­ýan ak­wi­la­ri­ýa aga­jy­nyň mi­we­si iýul aýyn­da ýe­tiş­ýär. Ar­my­da meň­zeş içi to­hum­ly mi­we ter­li­gi­ne iýil­me­ýär, ça­ýa ýa-da ko­fä go­şul­ýar, şeý­le hem çig mal hök­mün­de luk­man­çy­lyk­da ula­nyl­ýar. Ak­wi­la­ri­ýa aga­jy Hin­dis­tan­dan Pa­pua-Tä­ze Gwi­ne­ýa çen­li ara­lyk­daky tro­pik to­kaý­lar­da ös­ýär. Ak­wi­la­ri­ýa aga­jy or­ta­ça 40-50 ýyl ýa­şa­ýar. Tai­land­da 200 ýaş­ly ak­wi­la­ri­ýa aga­jy­nyň ösüp otu­ran­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.
Nä­me üçin gym­mat?
Bal­da­gy­nyň içi gasyn-gasyn öý­jük­li ak­wi­la­ri­ýa aga­jy aşa köp ke­sil­ýän­di­gi se­bäp­li, örän ha­ýal ös­ýär. Ak­wi­la­ri­ýa­nyň şep­bi­gi saz gu­ral­la­ry­ny ýa­sa­mak­da, atyr önüm­çi­li­gin­de we luk­man­çy­lyk­da gymmatly çig mal bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu aga­jyň şep­bi­gi te­bi­gy ýag­daý­da eme­le gel­me­ýär. Aga­ja gyz­dy­ry­lan de­mir çiş­ler ka­ky­lyp, bir­nä­çe çu­kur­jyk­lar eme­le ge­ti­ril­ýär. Wag­tyň geç­me­gi bi­len agaç özü­ni go­ra­mak hem-de ýo­kanç­ly­gyň öňü­ni al­mak üçin çu­kur­jyk­la­ry şepbik bi­len dol­dur­ýar. He­mi­şe gök öw­süp otu­rýan ak­wi­la­ri­ýa aga­jy­nyň hoş­boý ys­ly şep­bi­gi gym­mat ba­ha­ly atyr­la­ra go­şul­ýar. Azi­ýa ýurt­la­ryn­da halk luk­man­çy­ly­gyn­da ak­wi­la­ri­ýa aga­jy­nyň bö­lek­le­ri­ni tü­tet­mek, ýa­gyn­dan mel­hem ýa­sa­mak ar­ka­ly has­sa­lar be­je­ril­ýär. Ak­wi­la­ri­ýa aga­jyn­dan baş­ga-da, Af­ri­ka ga­ra aga­jy (Mpin­go) we ban­ýan aga­jy gym­mat agaç­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýär.