ABŞ-da dowam edýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda toparçadan çykmagy başaran Aziýa yklymynyň ýeke-täk wekili “Al Hilal” çärýek finalda oýnar.

Toparçada “Real Madrid” toparyndan ýeňilmedik “Al Hilal” kluby 1/8 finalda “Mançester Siti” bilen duşuşdy. Orlandoda geçirilen duşuşykda janköýerler 7 goluň şaýady boldular. Esasy wagty deňlikde gutaran oýunda ýeňiji goşmaça wagtda belli boldy.

Duşuşygyň 1-nji ýarymy Bernardo Silwanyň 9-njy minutda geçiren goly esasynda iňlis klubunyň üstünliginde tamamlandy. 2-nji ýaryma gol bilen başlan “Al Hilal” 46-njy minutda Markos Leonardonyň goly esasynda hasaby deňläp, 52-nji minutda Malkomyň gol geçirmeginde öňe hem saýlandy. Ýöne dessine jogap beren “Mançester Siti” 55-nji minutda Erling Holannyň goly bilen hasaby deňledi. Duşuşygyň esasy wagty 2-2 deňlikde tamamlandy.

Goşmaça wagtda-da “Al Hilal” topary 94-nji minutda Kalidu Kulibaliniň goly bilen öňe geçdi. 10 minutdan soň Fil Foden hasaby deňlese-de, 112-nji minutda Markos Leonardo “Al Hilaly” 4-nji gezek öňe çykaryp, oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, 4-3 hasabynda ýeňiş gazanan “Al Hilal” topary çärýek finala çykdy.

“Al Hilal” toparynyň täze tälimçisi Simone Inzagi 2023-nji ýylda UEFA Çempionlar Ligasynyň finalynda Inter bilen ýeňip bilmedik “Mançester Siti” toparyny arap kluby bilen utmagy başardy.

“Al Hilal” çärýek finalda “Fluminense” topary bilen duşuşar.