(Tym­sal)

Bir ýo­la bag­ban il için­de ta­nal­ýan bir ýa­zy­ja ýüz­le­nip, şeý­le di­ýip­dir:
– Dos­tum, se­niň he­ka­ýa­la­ry­ňy oka­dym. Olar ma­ňa diý­seň ýa­ra­dy. Bil­ýäň­mi nä­me, men nä­me hak­da pi­kir et­dim?! Is­le­seň, men sa­ňa tä­ze he­ka­ýa­la­ry ýaz­ma­ga bir-iki sa­ny pi­kir be­re­ýin. Ola­ryň ma­ňa ge­re­gi ýok. Se­bä­bi men ýa­zy­jy däl. Müm­kin sen ol pi­kir­ler bi­len oňat he­ka­ýa­la­ry ýa­zar­syň, ki­tap çy­ka­rar­syň, pul ga­za­nar­syň.
Ýa­zy­jy oňa şeý­le jo­gap be­rip­dir:
– Gar­daş, men sa­ňa go­wu­sy iýip otu­ran şu al­ma­my be­re­ýin. Bu al­ma­nyň oňat çi­git­le­rem bar. Çi­git­le­riň ma­ňa ge­re­gi ýok, se­bä­bi men bag­ban däl. Müm­kin, sen ola­ry eker­siň, oňat al­ma­la­ry ýe­tiş­di­rer­siň, ha­sy­ly­ny ýyg­nar­syň hem-de ep-es­li ga­zanç eder­siň.
– Diň­le, se­niň diş­län al­ma­ňa mä­täç­li­gim ýok. Me­niň al­ma­la­rym özü­me ýe­tik – di­ýip, bag­ban ga­har­la­nyp ug­rap­dyr.
– On­da nä­me üçin sen me­niň öz pi­kir­le­rim we yl­ha­mym ýet­me­ýän­dir öý­düp pi­kir ed­ýär­siň?! – di­ýip, ýa­zy­jy ça­la­ja ýyl­gy­ryp­dyr.

Ak­mak özü­n bil­di­rer, tö­we­re­gi­n gül­dü­rer.