Daşky gurşawy goramak, milli baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak, ähli ulgamlarda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara geçmek, Gün energiýasyny we beýleki alternatiw energiýa çeşmelerini ulanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýurdumyzyň biodürlüligini gorap saklamak ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tebigy gorlary rejeli peýdalanmak hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda tebigaty goramagyň baş ugry köptaraply Konwensiýalaryň hem-de ylalaşyklaryň çäklerinde, şonuň ýaly-da, bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işler BMG, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki birnäçe abraýly guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň ýola goýan asylly başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary şäherleriň, ilatly ýerleriň daş-töweregindäki, akabalaryň we derýalaryň, deňziň kenarlaryndaky tokaýlyklaryň çäkleriniň giňelmegine oňyn täsir edýär. Watanymyzda şeýle sogaply işler durmuşa geçirilmek bilen, tebigat hakynda alada edilip, geljek nesilleriň abadançylygy ugrunda zerur çäreleriň amala aşyrylýandygy uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň ähli künjeginde köpçülikleýin bag ekmek möwsümi geçirilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda köpçülikleýin bag ekmek bilen bagly degişli ýolbaşçy düzümine beren tabşyrygyndan ugur alyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna ykjam taýýarlyk görülýär.
Ýaşyl zolaklar şäher tebigatynyň aýrylmaz bölegi bolup, olar diňe bir gözellik sazlaşygy bolman, eýsem, arassa ekologiýa gurşawyny emele getirmek bilen, ilatyň sagdyn ýaşaýşynyň hem möhüm şertidir. Şol sebäpli ýurdumyzyň ähli künjeginde, şeýle hem baş şäherimizde agaç nahallarynyň ekilmegine, tokaý zolaklarynyň döredilmegine örän uly ähmiýet berilýär. Her ýylyň ýaz hem-de güýz aýlarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary netijesinde täze-täze tokaý zolaklary döredilýär.
Eziz Diýarymyzda 2025-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýlelikde, millionlarça düýp agaç nahalynyň oturdylmagy netijesinde ýurdumyzyň ähli künjegi bagy-bossanlyga öwrüler.
Bilşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda ata Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy baýram ediler. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri batly depginler bilen dowam edýär. Şeýle işleriň çäklerinde Aşgabadyň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, täze seýilgähleri, tebigy künjekleri döretmek bilen bagly birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Nurmuhammet HAŞYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.