Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin döwlet sapary bilen Özbegistanda boldy. Wladimir Putin paýtagt Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyp, gepleşikler geçirdi.
Bu ýerde eden çykyşynda Russiýanyň Prezidenti Özbegistana strategik hyzmatdaş diýip baha berdi. Onuň sözlerine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy barha artyp, geçen ýyl 30 göterim köpelipdir. Russiýanyň Özbegistana gönüden-göni maýa goýumlarynyň 10 milliard dollara ýetendigini mälim eden Putin, bu ýurtda 3 müň rus kompaniýasynyň iş alyp barýandygyny aýtdy.
Prezident Mirziýoýew bolsa, Wladimir Putiniň taryhy sapary amala aşyrandygyny belläp, rus nebitiniň, nebit önümleriniň we tebigy gazynyň Özbegistana iberilişini artdyrmak boýunça ylalaşyklara gol çekilendigini aýtdy.
Kreml bolsa iki ýurduň arasynda 20 milliard dollara golaý şertnama gol çekilendigini aýan etdi.