21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.
Çärä Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýerli metbugatyň wekilleri, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk derejesiniň taryhy, ähmiýeti we binýatlyk ýörelgeleri barada gürrüň etdiler.
Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi G.Elýasow öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp derejede geçirmek boýunça anyk işleri hem-de çäreleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.
Şeýle hem, çäräniň dowamynda ýygnananlara 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.