18-nji noýabrda Bakuwda Telekommunikasiýalaryň ösüşi boýunça Bütindünýä maslahaty (WTDC-2025) öz işine başlady. Bu çäre Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilýär. Bakunyň Kongress merkezinde geçirilen maslahata dolandyryjy edaralarynyň, halkara guramalarynyň, şeýle hem telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary pudaklarynyň wekilleri gatnaşýar.
Maslahatyň dowamynda Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigine (HTB) agza ýurtlar 2026–2029-njy ýyllar üçin global sanly ösüşiň ýol kartasyny işläp düzerler. Mundan başga-da, Bakuwda sebitleýin HTB tizleşdirme merkezi açylar. Ol innowasiýa we telekeçilik merkezine öwrüler, Azerbaýjanyň paýtagtyny sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin HTB-niň global ulgamy bilen baglanyşdyrar.
28-nji noýabra çenli dowam etjek çärä 150 ýurtdan 2000-den gowrak wekil, şol sanda 300-den gowrak ýaşlar wekili gatnaşýar.
PDF









