Af­ri­ka­da, Gü­nor­ta-Gün­ba­tar Azi­ýa­da we Hin­dis­tan ýa­rym ada­syn­da ýa­şa­ýan süý­dem­di­ri­ji­le­riň bi­ri bo­lan bal tor­su­gy te­bi­ga­tyň iň ba­tyr jan­da­ry ha­sap­lan­ýar. Yl­my ady «Mel­livora capen­sis» bo­lan bal tor­su­gy Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na «Dün­ýä­niň iň gork­ma­ýan jan­da­ry» hök­mün­de gi­ri­zil­di. Köp­lenç bal tor­su­gy ada­ty tor­suk bi­len ga­ryş­dy­ryl­ýar. Bal tor­su­gy tor­suk­lar maş­ga­la­sy­nyň iň ki­çi gör­nü­şi­dir. Bal tor­su­gy­nyň tü­ýi, esa­san, ga­ra reňk­de bo­lup, maň­la­ýyn­dan guý­ru­gy­na çen­li ara­lyk­da uzyn ak zo­la­gy bol­ýar. Ur­şu­jy jan­da­ryň göw­re­si­niň uzyn­ly­gy 55-77 san­ti­metr bo­lup, guý­ru­gy­nyň uzyn­ly­gy 12-30 san­ti­met­re çen­li ýet­ýär. Ag­ra­my 9 ki­log­ra­ma ýet­ýän bu jan­da­ryň di­şi uzyn hem ýi­ti bo­lup, ga­lyň de­ri­si bar. Şol se­bäp­li bal tor­su­gy­nyň de­ri­si­ne ary­nyň ýa-da ýy­la­nyň çak­ma­gy, ýol­bar­syň diş­le­me­gi o di­ýen tä­sir et­me­ýär. Bal tor­su­gy­nyň uzyn be­den­li we gys­ga aýak­ly bol­ma­gy çalt he­re­ket et­me­gi­ne we çe­ýe­li­gi sak­la­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Bal tor­su­gy ýyr­ty­jy­nyň ag­zy­na düş­se, bü­kü­lip, de­ri­si­ni gow­şa­dyp ýa-da öw­rü­lip, çalt­lyk bi­len sy­pma­gy ba­şar­ýar. Hat­da bu jan­dar ýy­la­nyň zä­he­ri­ne hem çy­dam­ly bo­lup, di­ri ga­lyp bil­ýär.
Bal tor­suk­la­ry hem edil ala­ja­gö­zen ýa­ly çä­gi­ni bel­le­mek, ary­la­ry kow­mak we howp­dan go­ran­mak üçin ýa­kym­syz ys bö­lüp çy­kar­ýar­lar. Ala­be­der jan­dar­lar ök­de ýer ga­zy­jy­lar bo­lup, ýe­ras­ty hin­ler­de ýa­şa­ýar­lar. Bal tor­su­gy uzyn we ga­ty dyr­nak­la­ry bi­len hat­da daş­ly de­pe­le­ri ýa-da agaç­ly meý­da­ny hem ga­zyp bil­ýär. Bal tor­su­gy aşa çydamly bolup, howp­ly ýag­daý bi­len ýüz­be-ýüz bo­lan­da, my­sal üçin, öňün­den ýy­lan, pil, ýol­bars, syrt­lan… çy­kan­da yza çe­kil­me­ýär. Gaý­tam üs­tü­ne to­pu­lyp, tüýt-müýt edýär.
Gy­zyl ki­ta­byň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len bu jan­dar bal iý­me­gi ha­la­ýar. Agaç­la­ryň kö­we­gin­dä­ki ýa-da gy­rym­sy agaç­la­ryň şa­ha­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ary­la­ryň ýyg­nan ba­ly­ny iý­mek üçin ala­be­der jan­dar dür­li kyn­çy­lyk­la­ra döz gel­ýär. Hat­da bu jan­dar bal iý­ýär­kä bir­nä­çe ary­nyň çak­ma­gy­na-da çy­dap bil­ýär. Bal tor­su­gy bal­dan baş­ga mör-mö­jek­ler, ow­nuk süý­re­ni­ji­ler we süý­dem­di­ri­ji­ler, şeý­le hem mi­we bi­len iý­mit­len­ýär. Bal tor­su­gy uzak wagt­lap suw­suz oňup bil­ýär.