Ispaniýanyň çempionatynda 24-nji tapgyrdan soň sanawyň lideri üýtgedi. Madridiň wekilleriniň yzygiderli utuk ýitirmeginden soň “Barselona” aratapawudy ýapyp, 9 tapgyrdan soň sanawyň birinji basgançagyna gaýdyp geldi. Soňky çempion “Real Madrid” myhmançylykda “Osasuna” bilen duşuşyp, 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. 15-nji minutda Mbappeniň goly bilen öňe geçen madridlilerden ýyldyz oýunçy Jud Bellingam 39-njy minutda gyzyl kart aldy. Ýer eýelerinden hasaby deňlän goly toparyň ýyldyzy Ante Budimir 58-nji minutda penaltiden geçirdi. Şunlukda, “Real Madridiň” ýeňişsiz ýörişi 3 oýna çykdy.

Madridiň beýleki wekili “Atletiko” hem öz meýdançasynda “Selta” bilen utuklary paýlaşdy. “Atletiko” eýýäm 5-nji minutda Pablo Barriosyň gyzyl kart almagyndan soň meýdançada 1 oýunçy kem galdy. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň 68-nji minutynda penaltini dürs uran Ýago Aspas myhmanlary öňe saýlady. Oýna gireninden 3 minut soň hasaby deňlän Aleksander Sörlot “Atletikony” ýeňlişden halas etdi.

“Barselona” bolsa garşydaşlarynyň utuk ýitirmeginden ýerlikli peýdalanmagyny dowam edýär. Öz meýdançasynda “Raýo Wallekanony” Robert Lewandowskiniň 28-nji minutda penaltiden geçiren goly esasynda 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu tejribeli oýunçynyň çempionatdaky 20-nji goly bolup, duşuşykda myhmanlaryň 1-nji ýarymyň ahyrynda geçiren goly jedelli hem bolsa hasaba alyndy. “Barselona” şu ýyla geçip, çempionatda ýeňlişsiz gelýär.

“Sewilýa” Huanlunyň 2 gol salan oýnunda myhmançylykda iň aşaky orunda barýan “Walýadolidi” 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu tapgyrda “Atletik” myhmançylykda “Espanýol” bilen, “Wilýarreal” bolsa öz meýdançasynda “Walensiýa” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady.

“Betis” öz meýdançasynda “Real Sosiedady” 3-0 hasabynda utdy. Duşuşykda täze transfer Antoni tapawutlanyp, ol 4-nji oýnunda 3-nji goluny geçirdi. Beýleki 2 goly Roka geçirip, “Betisiň” argentinaly ýyldyzy Lo Çelso 33-nji minutda penaltini dürs urup bilmedi. Duşuşykda 70 minuty 1, soňky 15 minuty-da 2 oýunçy kem oýnan san-sebastianlylaryň düzüminde Subeldiýa (20-nji minutda) bilen Bekker (75-nji minutda) gyzyl kart aldy.

“La Ligada” 24-nji tapgyryň netijeleri:

Žirona – Hetafe: 1-2 (Herrera 54 – Uçe 3, Maýoral 62),

Leganes – Alawes: 3-3 (Raba 10 p, 37 p, Munir 88 – Kike Garsiýa 25, Hordan 50 p, 68),

Osasuna – Real Madrid: 1-1 (Budimir 58 p – Mbappe 15),

Atletiko – Selta: 1-1 (Sörlot 82 – Ýago Aspas 68 p),

Wilýarreal – Walensiýa: 1-1 (Geýe 32 – Sadik 84),

Espanýol – Atletik: 1-1 (Fernandes 62 – Sanset 77),

Walýadolid – Sewilýa: 0-4 (Huanlu 5, 67, Romero 45+1, Lukebakio 84),

Malýorka – Las Palmas: 3-1 (Muriki 7, 28, Dani Rodriges 35 – Baýçetiç 62),

Betis – Real Sosiedad: 3-0 (Antoni 51, Roka 64, 69),

Barselona – Raýo Wallekano: 1-0 (Lewandowski 28 p)