Türkiýäniň çempiony “Galatasaraý” öz meýdançasynda “Barselonany” kabul etdi. Hemişe diýen ýaly ispan toparlaryny ýeňmekde kynçylyk çekýän “Galatasaraýa” bu gezek hem şol şowsuz statistikany bozmak başartmady. Ýöne muňa garamazdan “Galatasaraý” topary 1-nji ýarymda erjel oýun görkezip, oýnuň 28-nji minutynda russiýaly hüjümçisi Alekseý Batrakowyň goly bilen öňe saýlandy. Osimheniň goly bolsa jedelli ýagdaýda ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. 1-nji ýarym tamamlanmanka, ýagny 43-nji minutda katalonlar Žoao Kanselonyň goly bilen hasaby deňledi. “Barselona” 2-nji ýarymda başgaça oýun görkezdi. 50-nji minutda Fermin Lopes, 53-nji minutda Antoni Gordon, 65-nji minutda-da Karim Adeýemi tapawutlanyp, “Barselona” toparyna uly hasaply ýeňiş getiren oýunçylar boldy. Şeýlelikde, “Barselona” şu möwsümde ähli ýaryşlardaky ýeňişli ýörişini dowam etdirip, yzly-yzyna 10-njy ýeňşini baýram etdi. Oýunda 2 gezek asist eden Lamin Ýamal duşuşygyň iň ökde oýunçysy saýlandy.

Myhmançylykda ýeňiş gazanan toparlaryň biri-de “Sporting” bolup, portugal kluby Fransiýada “Lansy” Luis Suaresiň 22-nji, Issa Dumbiýanyň 74-nji minutda gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňmegi başardy