BARCELONA, SPAIN - APRIL 22: Fridolina Rolfo of FC Barcelona competes for the ball with Svenja Huth of VfL Wolfsburg during the UEFA Women's Champions League Semi Final First Leg match between FC Barcelona and VfL Wolfsburg at Camp Nou on April 22, 2022 in Barcelona, Spain. (Photo by Pedro Salado/Quality Sport Images/2022 Quality Sport Images)

UEFA Çempionlar Ligasy zenanlar ýaryşynda ýarym finalyň birinji duşuşygynda “Barselona” bilen “Wolfsburg” toparlary duşuşdy. “Kamp Nouda” oýnalan oýunda ýer eýeleri 5-1 hasabynda ýeňip, final çykmak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldy. Katalon gyzlara ýeňiş getiren gollary Bonmati (3), Hansen (10), Hermoso (33) hem-de Putellas (38, 85 p) geçirdi. Nemes klubunyň ýeke-täk goluny-da 70-nji minutda Roord derwezä girizdi. Duşuşyga 91 648 janköýer tomaşa etdi. Şeýlelikde, bu duşuşyk zenan futbolynda iň köp tomaşaçyly duşuşyk hökmünde hasaba alyndy. Bu ugurda ozalky rekord hem “Barselona” toparyna degişlidi (91 553).

Ýarym finalyň beýleki duşuşygy ertir, Fransiýada iki fransuz kluby – “Lion” bilen PSŽ-niň arasynda oýnalar.

Jogap oýunlary-da 30-njy aprelde geçiriler. Ýeňiş gazanan toparlar 21-nji maýda Turinde duşuşarlar.