ABŞ-nyň NASA kosmos barlaglary edarasynyň ýolbaşçylary 2028-nji ýylda “Artemis 4” maksatnamasynyň çäklerinde Aýda astronawtlary gondurmakçydygyny tassyklady.
Edaranyň ýolbaşçysy Jared Aýzekmanyň sözlerine görä, häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. “Biz 2028-nji ýylda amerikalylaryň Aýyň üstüne dolanyp barmagy üçin ähli şertleri döredýäris” diýip, ol bu barada žurnalistler bilen metbugat maslahatynda habar berdi.
Aýzekman: “Astronawtlar Aýyň üstünde ilkinji ädimi ädip başlanlarynda, adamyň ol ýerde hemişelik bolmagy üçin aýgezer hem-de zerur ilkinji zatlar taýýar bolar” diýdi.
“Artemis” maksatnamasynyň ýolbaşçysy Jeremi Parsons Aýda gonuş enjamlary taýýarlamak işleriniň Ilon Maskyň “SpaceX” we Jeff Bezosyň “Blue Origin” kompaniýalary bilen bilelikde alnyp barylýandygyny habar berdi.
NASA edarasynyň başlygynyň sözlerine görä, adamlary Aýda gondurmak hem-de hemişelik baza gurmak üçin Aýyň günorta polýusy göz öňünde tutulýar.