Ispaniýanyň Super Kubogyna ýene bir ýola “Barselona” topary mynasyp boldy. Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilen ýaryşyň finalynda, “El Klasikoda” “Barselona” topary köne bäsdeşi “Real Madridi” 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynyň ahyrky pursatlary has ýatda galyjy boldy. 36-njy minutynda braziliýaly ýyldyz Rafinýa “Barselonany” öňe saýlady. 45+2-nji minutda bolsa başga bir braziýaly ýyldyz oýunçy Winisius Junior owadan gol geçirip, hasaby deňledi. 45+4-nji minutda Lewandowskiniň goly bilen katalonlar ýaňadandan öňe geçse-de, 2 minut soň “Real Madrid” ýaş oýunçysy Gonzalo Garsiýanyň goly esasynda hasaby deňledi.

Arakesmeden soň, toparlar yzygiderli hüjümler geçirmegini dowam etdi. Duşuşygyň 73-nji minutynda Rafinýa oýundaky 2-nji goluny geçirip, toparyny ýene bir gezek öňe saýlady. Bu gola madridlilere jogap bermek başartmady. Şunlukda, 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Barselona” topary bassyr 2-nji, umumylykda 16-njy gezek Ispaniýanyň Super Kubogyna mynasyp boldy. Geçen ýyl 5-2, bu ýyl 3-2 hasaplar bilen köne garşydaşynda utulan “Real Madridiň” bolsa 13 Super Kubogy bar.
PDF









