Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my gu­wan­dy­ry­jy sep­git­le­re ýet­di. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de hä­zir­ki za­ma­nyň ösen luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len do­ly üp­jün edi­len, döw­re­bap sag­lyk öý­le­ri­niň, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­la­ryň, tä­ze sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­kez­le­ri­niň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Ýe­ti­len be­lent sep­git­ler ne­ti­je­sin­de ila­ta hö­dür­le­nil­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri bar­ha kö­pel­ýär, hi­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar.
Eziz Di­ýa­ry­myz­da gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän sag­lyk mer­kez­le­rin­de tä­ze, yl­myň iň soň­ky ga­za­nan komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň, be­je­riş usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy nä­sag­la­ra dün­ýä luk­man­çy­ly­gy­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň äh­li hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men luk­man­la­ry hü­när de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, iş tej­ri­be­si­ni has-da art­dyr­mak üçin Ýew­ro­pa­nyň we dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­ri­niň luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­ne yzy­gi­der­li ibe­ril­ýär. Şeý­le hem dün­ýä­niň beý­le­ki döw­let­le­ri­niň luk­man­la­ry ýur­du­my­zyň sag­lyk mer­kez­le­rin­de türk­men luk­man­la­ry bi­len tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len iş sa­pa­ry­na gel­ýär­ler.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik işi yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak bi­len bag­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň iň äh­mi­ýet­li­si­dir. Ol te­bi­ga­tyň we yn­san sag­ly­gy­nyň aja­ýyp saz­la­şy­gy­ny özün­de jem­län gen­ji-ha­zy­na­dyr. Bu yl­my ese­riň esa­syn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mäh­ri­ban hal­ky­na we sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gy­na bi­möç­ber söý­gü­si, te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­ma­gy ba­şa­ran pe­der­le­ri­mi­ziň aja­ýyp tej­ri­be­le­ri­ne çuň­ňur hor­ma­ty bar. Ga­ly­ber­se-de, ol hä­zir­ki dö­wür­de di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, dün­ýä­de fi­to­te­ra­pi­ýa­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne be­ril­ýän kuw­wat­ly iter­gi, gym­mat­ly yl­my go­şant­dyr. Bil­şi­miz ýa­ly, ge­çen ýy­l Gahryman Arkadagymyzyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli yl­my-en­sik­lo­pe­dik işi­niň XVI jil­di hem ne­şir edil­di. On­da ýer­li der­man­lyk ösüm­lik­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri, kök­le­ri we mi­we­le­ri, ola­ryň der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri­niň jik­me-jik be­ýa­ny, ola­ry yl­my we halk luk­man­çy­ly­gyn­da ulan­ma­gyň usul­la­ry we türk­men hal­ky ta­ra­pyn­dan ula­ny­ly­şy­nyň köp asyr­lyk tej­ri­be­si hem däp­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat jem­le­nen­dir. Gahryman Arkadagymyzyň hal­ky­na peş­geş be­ren «Türk­me­nis­tan­da sag­ly­gy go­raý­şy ös­dür­me­giň yl­my esas­la­ry», «Türk­me­nis­tan – mel­hem­ler me­ka­ny», «Çaý – mel­hem hem yl­ham» at­ly ki­tap­la­ry hem ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga ba­gyş­la­nan­dyr.
Hal­ky­my­zy nu­ra­na gel­je­ge alyp bar­ýan, eziz Di­ýa­ry­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny be­lent de­re­je­le­re çy­kar­mak­da we ös­dür­mek­de nus­ga­lyk iş­le­ri ama­la aşyr­ýan türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Gülşirin ŞUKUROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy.