Germaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Bawariýa” myhmançylykda “Fraýburgy” Keýn hem-de Kim Min Ženiň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 19-njy tapgyrda 4 duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Şolaryň birinde “Baýer” myhmançylykda “Leipsigň” bilen duşuşyp, 2-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi. Tälimçisi Nuri Şahini ugradan “Borussiýa Dortmund” hem öz meýdançasynda 2-0 hasabynda öňe geçenem bolsa, soňlugy bilen bir utuga razy boldy.
Wolfsburg – Holştaýn: 2-2 (Wimmer 50, Winn 53 – Zes 13, Skribski 80),
Leipsig – Baýer: 2-2 (Raum 41, Tapsoba 85 ö.d. – Şik 18, Aleş Garsiýa 36),
Borussiýa D – Werder: 2-2 (Girassi 28, Fridl 51 ö.d. – Bittenkurt 65, Dukş 72),
Fraýburg – Bawariýa: 1-2 (Ginter 68 – Keýn 15, Kim Min Že 54),
Augsburg – Haýdenhaým: 2-1 (Matsima 45+1, Şlotterbek 90+3 – Mainka 77),
Maýns – Ştutgart: 2-0 (Waýper 30, Kasi 86),
Borussiýa M – Bohum: 3-0 (Raýts 34, Hak 55, Klýaýndinst 86),
Hoffenhaým – Aýntraht: 2-2 (Orban 65, Hložek 90+6 – Ekitike 26 p, 71),
Sankt-Pauli – Union Berlin: 3-0 (Gilýawogi 31, 51, Sinani 90+3)