“Bundesliganyň” çempiony “Bawariýa” wise-çempion “Baýeriň” goragçysy Jonatan Tany transfer etdi. Münhenliler erkin agent ýagdakdaky Ta bilen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. 29 ýaşyndaky germaniýaly goragçy “Baýerde” 10 möwsüm çykyş etdi. Ol lewerkuzenlileriň düzüminde 402 oýunda meýdança çykyp, şolarda 18 gol geçirdi. Ta “Baýerden” öň “Hamburg” hem-de “Fortuna Düsseldorf” toparlarynda-da oýnapdy.

Jonatan Ta Germaniýanyň milli ýygyndysynyň hem köýnekçesini 35 oýunda geýdi.