“Arsenaldan” soň ýaryşy ilkinji 8-likde tamamlajak 2-nji topar “Bawariýa” boldy. Şu wagta çenli diňe “Arsenaldan” asgyn gelen münhenliler öz meýdançasynda “Ýunion Sent-Žilluaz” toparyny Harri Keýniň 3 minutda dubl etmeginde 2-0 hasabynda utdy (52, 55 p). Keýn duşuşykda het-trik hem edip bilerdi. Angliýaly hüjümçiniň 81-nji minutda ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyny derwezäniň golaýyndan sowa geçdi. Oýnuň 64-nji minutynda “Bawariýadan” Kim Min Çže gyzyl kart aldy. Bu ýeňiş “Bawariýanyň” şu ýaryşdaky 250-nji ýeňşi bolup, olar “Real Madridden” soň muny başaran 2-nji topar boldy.

“Liwerpul” myhmançylykda “Marseliň” derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Gollary Soboslai, Rulli (ö.d.) hem-de Gakpo öz atlaryna ýazdyrdylar. Şol hasap bilen başga bir iňlis topary “Nýukasl” hem ýeňiş gazanyp, olar öz meýdançasynda PSW-ni 3-0 hasabynda utdular. Duşuşykda “Nýukaslyň” gollaryny Wissa, Gordon hem-de Barns derwezä girizdi.

Londonda oýnalan duşuşykda “Çelsi” toparyna Kipriň wekili “Pafosy” ýeňmek ýeňil düşmedi. Iň kiçi hasap bilen üstün çykan “Çelsiniň” ýeke-täk goluny 78-nji minutda Kaisedo geçirdi.