Bag­ty­ýar türk­men hal­ky Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­nyň gü­nü­ni şat­lyk-şow­hun bi­len bel­läp geç­ýär. Bu go­şa se­ne hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da aý­ra­tyn uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Baý­dak döw­le­tiň ny­şa­ny, hal­kyň ga­dy­my däp­le­ri­niň, adat­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­si ha­sap­la­n­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Döwlet baý­da­gyn­da türk­men hal­ky­nyň mu­kad­des ýö­rel­ge­le­ri jem­le­nen­dir.
2008-nji ýy­lyň 29-njy iýu­nyn­da paý­tag­ty­myz­da dün­ýä­de iň be­lent flakş­tok otur­dyl­dy we ol 133 metr­ be­lent­li­gi bi­len Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Bu flakş­tok­da­ky baý­da­gy­my­zyň ini 35, bo­ýy 52,5 metr, ag­ra­my bol­sa 420 ki­log­ra­ma ba­ra­bar­dyr. Ýa­şyl Tu­gu­my­zyň şeý­le be­lent­li­ge gal­dy­ryl­ma­gy­nyň öz­bo­luş­ly ma­ny­sy bar. Döw­let baý­da­gy­my­zyň iň be­lent flagş­tog­da pa­syr­da­ma­gy hal­ky­my­zyň buý­san­jy­ny art­dyr­ýar.
Ýa­şyl Tu­gu­myz­da­ky Aýyň şe­ki­li mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň, ýur­du­myz­da­ky aba­dan­çy­ly­gyň, asu­da­ly­gyň ny­şa­ny­dyr. Baý­da­gy­myz­da­ky bäş ýyl­dyz bäş we­la­ýa­ty­my­zyň, aras­sa, pa­ra­hat, asu­da as­ma­ny­my­zyň ny­şan­la­ry­dyr. Döw­let baý­da­gy­myz­da­ky ha­ly göl­le­ri hal­ky­my­zyň mil­li­li­gi­ni, aja­ýyp sun­ga­ty­ny, yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­ni aň­lad­ýar. Baý­da­gy­myz­da­ky zeý­tun ýap­rak­la­ry bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­ny, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­lyk ug­run­da çy­kyş ed­ýän döw­let­di­gi­ni aň­lad­ýar.
Döw­let Baý­da­gy­myz Wa­ta­nyň äh­li gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär. Bu gün­ki gün ýa­şyl Tu­gu­my­zyň dün­ýä­niň äh­li kün­je­gin­de, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň be­lent bi­na­sy­nyň öňün­de pa­syr­dap dur­ma­gy her bir türk­men­de buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Al-as­man­da pa­syr­da­ýan Baý­da­gy­my­za buý­sanç­ly ba­kyp, on­da hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly geç­mi­şi­ni, hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk za­ma­ny­ny, aý­dyň gel­je­gi­ni gör­ýä­ris.
Ba­şy­my­zyň tä­ji­ne de­ňe­ýän ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Tu­gu­nyň bu gün­ki gün asu­da as­ma­ny­myz­da bag­ty­ýar­ly­gyň ny­şa­ny bo­lup par­la­ýan­dy­gy, ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­gi­niň hem-de ber­ka­rar­ly­gy­nyň ke­pi­li bo­lup dur­ýan­dy­gy buý­sanç bi­len bel­lär­lik­li­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy mi­ze­mez ag­zy­bir­li­gi­mi­zi, bi­te­wü­li­gi­mi­zi, be­ýik yn­san­per­wer­lik gym­mat­lyk­la­ry­na, pa­ra­hat­çy­lyk hem-de dö­re­di­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­my­zy ala­mat­lan­dyr­ýar. Pa­ra­hat­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, ada­lat­ly­lyk ba­ra­da­ky mil­li dü­şün­je­le­ri­mi­zi özün­de jem­le­ýän Kons­ti­tu­si­ýa­myz, dost­lu­gy­my­zyň we hoş­ni­ýet­li­li­gi­mi­ziň ny­şa­ny hök­mün­de Ýer ýü­zün­de buý­sanç­ly pa­syr­da­ýan Döw­let baý­da­gy­myz bi­ziň mil­li gu­wan­jy­myz­dyr.
«Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň 1-nji mad­da­syn­da: «Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň ag­zy­bir­li­gi­niň we Ga­raş­syz­ly­gy­nyň hem-de döw­let Bi­ta­rap­ly­gy­nyň ny­şa­ny­dyr» diý­lip bel­le­nil­me­gi ýa­şyl Tu­gu­my­zyň ýur­du­my­zyň buý­sanç­ly ny­şa­ny­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Asu­da döw­le­ti­mi­ziň äh­li kün­jek­le­rin­de go­şa baý­ram toý-da­ba­ra­la­ra bes­le­nip, ru­hu­be­lent­lik­de bel­le­nip ge­çil­ýär.
Go­şa mu­kad­des­li­gi­mi­ziň şa­ny­na toý­la­ryň ulu­dan tu­tul­ma­gy wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi­miz bi­len berk bag­ly­dyr. Döw­let baý­da­gy­my­zyň we Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň şa­ny­na tu­tul­jak toý­la­ra biz – bag­ty­ýar ýaş­lar eg­sil­mez şat­lyk we hy­juw bi­len gat­naşýa­rys. Hal­ky­my­zy bag­ty­ýar­ly­ga ýe­ti­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ady­na ýü­rek­den çyk­ýan al­kyş­la­ry­my­zy aýd­ýa­rys.

Mer­jen AŞYR­MY­RA­DO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.