29-njy noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda merkezlerinde şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap baýramçylyk söwdalaryny geçirmek, ýurdumyz boýunça jemi 850-den gowrak göçme söwda nokadyny guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň, göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.