Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ylym-bilimlerini ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly maslahatlar we halkara ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Golaýda şeýle ylmy–amaly maslahatlaryň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd döwlet jemgyýetçilik–mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda “Beýik Watançylyk urşunyň taryhy, çeşmesi we taryhnamasy” ady bilen geçirildi. 23-24-i aralygynda geçirilen ylmy-amaly maslahata bu iki ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary çykyş etdiler. Şol çykyşlarda “Türkmen pedagogy Saparmet Hojaýewiň söweş ýoly” atly temadaky çykyşda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen esgerleriniň görkezen harby edermenlikleri, gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy, mertligi olaryň sowet halkyny goramak üçin özleriniň janlaryny gaýgyrman front ýoluna çykandyklary barada gyzykly maglumatlar berildi.
Maslahatyň dowamynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Taryh fakultetiniň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri, alym Jepbarguly Hatamowyň we Dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty Lola Ýagmurowanyň ýolbaşçylygynda taryh hünäriniň talyplary Döwlet Islamow, Oguljahan Jumakulyýewa, Gaýrat Batyrow, Atamyrat Tureşow, Aýnur Jumanyýazowa, Alibek Ýusubow, Sülgün Artykowa, Maýa Bahodirowa, Atabek Işdöwletow we Merdan Serdarow özleriniň gyzykly çykyşlary bilen gatnaşdylar. Döwlet Islamowyň “Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanyp açylan muzeýiň, ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny” atly temada eden çykyşy Wolgograd döwlet jemgyýetçilik–mugallymçylyk uniwersitetiniň professor mugallymlarynda we talyp ýaşlarynda uly gyzyklanma döretdi.
Maslahatyň dowamynda Taryh hünäriniň talyplary özleriniň çykyşlarynda türkmen gelin–gyzlarynyň tylda galyp çeken zähmetleri, front üçin eden kömekleri barada, şeýle hem taryhda belli bolan Beýik gahrymanlar Berdimuhamet Annaýew, Aýdogdy Tahyrow, Gurban Durdy, Ýakup Kulyýew, Kerim Dosow, Pena Rejepowyň gahrymançylykly söweş ýollary taryhyň sahypasynda uly yz galdyrandyklary barada gyzykly maglumatlary gürrüň berip uly täsir galdyrdylar.
Umuman halkara ylmy–amaly maslahatyň ahyrynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy we özara pikir alşyldy. Wolgograd döwlet jemgyýetçilik–mugallymçylyk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Sergeý Glazow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Taryh fakultetiniň dekany Azyzgeldi Sultanowa öz minnetdarlygyny bildirdi. Gelejekde ýene-de şular ýaly bilelikdäki halkara ylmy–amaly maslahatlarynyň geçirilip durulmagynyň esasy ugurlary we maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Miwe Çaryýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.