Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2-14-nji maýda 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak maksady bilen “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.
“Açyk gapylar” gününde ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky özgertmeleriniň ýokary okuw mekdebimizde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, öwredilýän hünär dilleri, okuwlaryň guralyşy, döwrebap tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyrylan okuw hem-de kompýuter otaglary, talyplaryň ylmy we medeni gurnaklary, “Altyn miras” medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň çykyşlary bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy.
Telefon belgisi: +99312 36-84-08