Müsüriň häkimiýetleri Giza piramidalaryny abatlamak işlerine 51 million dollar bölüp berer. Abatlaýyş işleri bilen Müsüriň “Orascom Pyramids Entertainment Services” kompaniýasy meşgullanar. Onuň çäklerinde aramgähleri dikeltmek, onlaýn petek ulgamyny ýola goýmak we syýahatçylar üçin sebiti kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda özgerişlikler başlanyp, piramidalaryň çäginden hususy awtoulaglar we syýahatçylyk awtobuslary aýryldy. Indi syýahatçylar Giza sebitine her bäş minutdan gatnaýan 45 elektrobusda barýarlar. Öň açyk duran “Marriott Mena House” myhmanhanasynyň golaýyndan giriş indi ýapyk.