Dubaýdaky beýikligi 828 metre barabar bolan «Burj Halifa» gökdiräni 2010-njy ýylda gurlup ulanmaga berildi. 15 ýylyň geçendigine garamazdan, bu gökdirän dünýäniň iň beýik binasy rekordyny saklap gelýär. Saud Arabystany Patyşalygynda gurluşygy dowam edýän, beýikligi 1 kilometrden geçýän «Jidda diňi» (Burj Jeddah) geljekde dünýäniň iň belent binasy bolar. Şeýlelikde, täze gökdirän «Burj Halifanyň» rekordyny täzeläp, ABŞ-nyň iň beýik binasy bolan «One World Trade Center»-den iki essä golaý beýik bolar.
157 gatly binada 59 lift bolup, onuň içinde myhmanhana otaglary, giň ofisler we ýaşaýyş öýleri ýerleşer. Binanyň 2028-nji ýylda gurlup ulanmaga berilmegine garaşylýar.
Altynaý Amanberdiýewa,
Kaka etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF









