Bilelikde nebit-himiýa toplumyny gurarlar

159

Saud Arabystanynyň “Saudi Aramco” hem-de Fransiýanyň “TotalEnergies SE” kompaniýalary nebithimiýa toplumyny gurarlar. Saud Arabystanynda guruljak täze toplum bu ýurduň iri önümçilik desgalarynyň biri bolar. täze desga ýurduň gündogarynda, deňiz kenaryndaky E-Jubaýl şäherindäki “Satorp” nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ýanaşyk bolar. Bellenilişine görä, täze desga bar bolan zawodda öndürilýän gaz, nafta, etan we tebigy benzin ýaly önümleri has ýokary himiki önümleri öndürmek üçin gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde täze toplum El-Jubaýlyň senagat zolagynda guruljak täze nebithimiýa we ýörite himiýa zawodlaryny çig mal bilen üpjün eder. Bu toplumyň, ýanaşyk desgalary goşmak bilen, 7 müň täze iş ornuny döretjekdigi, uglerod süýümlerini, çalgy ýaglaryny, buraw suwuklyklaryny, arassalaýyş serişdelerini, azyk goşundylaryny, awtoulag şaýlaryny we tekerlerini öndürmäge mümkinçilik berer. Kompaniýalar bu taslama üçin takmynan 11 milliard dollar maýa goýum özleşdirerler. Geljek ýyl gurluşygyna başlanjak desga 2027-nji ýylda işe giriziler.

Yslamberdi Tyllanurow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.