Amerika Birleşen Ştatlarynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekiliýetiniň iş sapary başlandy. Wekiliýetiň düzümine ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we ýöriteleşdirilen okuw jaýlarynyň mugallymlary hem-de ýolbaşçylary girýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, pedagogik we lukmançylyk ugurly orta hünär okuw jaýlarynyň wekilleri bar.
Saparyň esasy maksady — Türkmenistanyň we ABŞ-nyň okuw mekdepleriniň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmekdir. Wekiliýet taraplaryň özara düşünişmek baradaky Ähtnamalaryna gol çekmegi, talyp we mugallym alyşmalarynyň netijeli mehanizmlerini kesgitlemegi, bilim, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar.
Saparyň ilkinji tapgyrynda Waýomin ştatyndaky “Northwest College” okuw mekdebinde saparda bolup geçdi. Bu ýerde türkmen wekiliýetiniň agzalary okuw binýady bilen tanyşdylar, professor-mugallymlar hem-de ýolbaşçylar bilen duşuşdylar. Mundan başga-da, wekiliýetiň saparynyň dowamynda Montana Ştat uniwersiteti Billings (Billiňs), Montana uniwersiteti (Mizula şäheri), Montana Ştat uniwersiteti (Bozman şäheri), Waýomin uniwersiteti (Larami şäheri) ýokary okuw mekdeplerine baryp görmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de Waşington şäherinde onlaýn okuw, tehnologik diplomatiýa we döwrebap bilim maksatnamalarynyň işlenip düzülmegine bagyşlanan birnäçe duşuşyklar geçiriler.
Saparyň çägindäki çäreleriň ählisi anyk we ölçenip boljak netijelere gönükdirilen takyk hyzmatdaşlyk esaslarynda alnyp barylýar. Her duşuşyk we pikir alyşma – öňünden taýýarlanan, durmuşa ornaşdyryp boljak teklipler bilen utgaşdyrylýar.
Duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylýan temalar giň ugurlary öz içine alýar: iňlis dili we pedagogika, ekologiýa we suw howpsuzlygy, ykdysadyýet we saglygy goraýyş, inženerçilik we agro-tehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary we sanly endikler boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ileri tutulýar.
Taraplaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösüş ýolundan barýar we oňyn netijeleri berýär. 2023-nji ýylda gol çekilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara ylalaşyk bu gatnaşyklara täze itergi berdi. Bu esasynda iki ýurduň uniwersitetleriniň, kollejleriniň hem-de ylmy merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri açyldy.
Şol sanda Kent Ştat uniwersiteti (Kent State University) bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk we türkmen talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň halkara bilim maksatnamalaryna, akademik alyşmalara, tejribe we hünär ýokarlandyryş kurslaryna gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi