Bir gezeklik plastmassa gaplary azaldylar

98

Soň­ky ýyl­lar­da köp ýurt­da plast­tik tor­ba­lar we gap­la­ma­la­ryň ula­ny­ly­şy­ny azalt­mak üçin ta­gal­la edil­ýär. Köp ýurt­da bir ge­zek ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen tor­ba­lar müş­de­ri­le­re tö­leg­li be­ril­ýär. Kä­bir ýurt­da bol­sa, köp ge­zek ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen tor­ba­la­ryň ula­nyl­ma­gy hö­wes­len­di­ril­ýär. Is­pa­ni­ýa­da hem şeý­le düz­gün ýo­la go­ýul­dy. Tä­ze düz­gü­ne gö­rä, azyk ha­ryt­la­ry dü­kan­la­ry müş­de­ri­le­riň ge­tir­ýän gap­la­ry­ny ka­bul et­me­li bo­lar­lar. Mak­sat bir ge­zek­lik plast­mas­sa gap­la­ma­nyň ula­ny­ly­şy­ny azalt­mak­dan yba­rat­dyr. Şeý­le­lik­de, müş­de­ri­ler sa­tyn alan ha­ryt­la­ry­ny öz ýa­ny bi­len ge­ti­ren tor­ba­sy­na sa­lyp, alyp gaý­dar. Bu ýag­daý iý­mit önüm­le­ri­niň sa­lyn­ýan gap­la­ry­na hem de­giş­li­dir. Şeý­le-de bol­sa aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­na berk uý­ma­ly bo­lar. Söw­da no­ka­dy müş­de­ri­niň ge­ti­ren ga­by aras­sa bol­ma­sa, ony ka­bul et­män bi­ler. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, is­pan aly­jy­la­ryň ýa­ry­sy di­ýen ýa­ly bu baş­lan­gy­jy gol­da­ýar. Söw mer­kez­le­ri­niň tä­ze ka­nun­çy­ly­ga uý­gun­laş­mak­la­ry üçin al­ty aý möh­let be­ril­di.

Ene­jan Ars­la­no­wa, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by