4-nji maýda Rumyniýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda «Rumynlaryň agzybirligi üçin aşa sagçy bileleşigiň» lideri Jorj Simion ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary mälim etdi.
Sesler doly sanalandan soň Simionyň 40,14% göterim, onuň garşydaşy Buharest şäheriniň meri Nikuşor Danyň 20,65% göterim ses alandygy belli boldy. Üçünji orunda dolandyryjy partiýanyň dalaşgäri Krinden Antonesku gelip, Dandan bary-ýogy 1% yzda.
Şeýlelik bilen, dalaşgärleriň hiç biri-de sesleriň 50 göterimden gowragyny alyp bilmedi. Şonuň üçin 18-nji maýda Rumyniýada birinji we ikinji orny eýelän dalaşgärleriň saýlanjak ikinji tapgyry geçiriler. Ses berişligiň netijeleriniň birini-birine gaty golaýlygy sebäpli, saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Simionyň garşydaşynyň kim boljakdygy entek belli däl.