Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly natrini, karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, jins önümleri, nah mata we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 175 million 405 müň manada deň bolan polipropileni, nebit önümleriniň galyndylaryny (“Türkmennebit” döwlet konserni), portlandsementi, float aýnasyny, tüýjümek önümleri, buýan köküniň erginini satyn aldylar.