Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, flanel mata, nah ýüplük, buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 153 million 223 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, nebit koksuny, polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, jins we nah matany, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar.