Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, nah ýüplük, gazbeton bloklary, buýan köküniň ekstrakty, buýan köki we baldagy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 652 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 3 million manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.