3-nji maýda Awstraliýada geçirilen federal saýlawlarda Premýer-ministr Entoni Albaniziň ýolbaşçylygyndaky merkezi çepçi “Zähmet” partiýasy ynamly ýeňiş gazanyp, ikinji üç ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Maglumatlara görä, “Zähmet” partiýasy liberal we milli partiýalaryň konserwatiw bileleşigine garanyňda, 150 orunlyk wekiller palatasyndan has köp orna eýe boldy.
Şeýlelik bilen, Entoni Albaniz 2004-nji ýyldan bäri saýlawlarda yzly-yzyna iki gezek ýeňiş gazanan esasy partiýanyň lideri boldy. Parlamentde ornuny ýitiren konserwatiw liberal partiýa ýolbaşçylyk edýän Piter Datton ýeňlişini boýun aldy.
Şol gün Awstraliýada 7 müňden gowrak saýlaw uçastoklary açyldy. Saýlawçylar Entoni Albaniziň merkezi çepçi Zähmet partiýasynyň ýurdy ikinji möhlete dolandyrjakdygyny ýa-da häkimiýetiň Piter Dattonyň ýolbaşçylygyndaky Liberal we milli partiýalaryň konserwatiw bileleşigine geçjekdigini ýa-da ýokdugyny kesgitlemeli boldular. Saýlawlaryň dowamynda saýlaw sanawynda hasaba alnan 18 ýaşdan uly Awstraliýa raýatlar ses berdiler.
Saýlawlardan soň hökümeti emele getirýän aşaky palatadaky 151 orun, şeýle hem Senatdaky 76 ornuň 40-sy doldurylar.