Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türk­me­nis­ta­nyň Ýer ýüzünde parahatçylyk ýaýradyjy, hoşniýetli gatnaşyklary berkarar edip, dost-doganlygy berkidiji ýurtdugyny bu gün giň dünýä jemgyýetçiligi, abraýly halkara guramalar, syýasatçylar ykrar edýär.

Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni ýa­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­syndan ge­lip gow­şan hoş ha­bar hem tas­syk­la­ýar. Şol hoş ha­ba­ryň maz­mu­ny­na gö­rä, şu ýy­lyň 24-nji iýu­lyn­da BMG-niň Baş As­samble­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň 106-njy ple­nar mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da hö­dür­le­nen «2028-nji ýyl – Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Res­mi­na­ma­nyň aw­tor­daş­la­ry hök­mün­de 78 döw­let çy­kyş et­di. Mu­nuň özi hormatly Prezidentimiziň öňe sü­ren baş­lan­gy­jy­nyň hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni, şeý­le hem hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da ka­nu­ny­ly­gyň, ada­lat­ly­ly­gyň we hu­ku­gyň äh­mi­ýe­ti­niň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ryň giň gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýu­bi­leý mej­li­sin­dä­ki çy­ky­şyn­da 2028-nji ýy­ly «Hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sü­rüp­di.
Ka­rar­na­ma­da ag­za döw­let­le­r, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň dü­züm­le­ri­ hem-de beý­le­ki gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän de­giş­li ta­rap­la­r hal­ka­ra hu­ku­ga hor­mat goý­ma­ga we oňa dü­şün­mä­ge ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, bi­lim be­riş çä­re­le­ri­ni, bu ugur­da müm­kin­çi­lik­le­ri gi­ňelt­mek we jem­gy­ýet­çi­li­giň ha­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri gu­ra­mak ar­ka­ly Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly­ny bel­le­mä­ge ça­gyr­ylýar hem-de Türk­me­nis­ta­nyň 2028-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Hal­ka­ra hu­kuk bo­ýun­ça äh­lu­mu­my fo­ru­my ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­ny gol­da­ýar diý­lip bel­le­nil­ýär.
Şun­dan ugur alyp, ýur­du­myz­da 2028-nji ýyl­da Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek we oňa top­lum­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­mek mak­sa­dy bi­len, 2026 – 2028-nji ýyl­lar üçin Mil­li he­re­ket­leriň me­ýil­na­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nar.

Şeý­le-de «Hal­ka­ra hu­ku­gy we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly mil­li kon­sep­si­ýa­ny taý­ýar­la­mak we ony Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de BMG-niň ag­za döw­let­le­ri­niň ara­syn­da ýaý­rat­mak, mil­li we hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň gat­naş­ma­gyn­da ýur­du­myz­da hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň dür­li ugur­la­ry­na ba­gyş­la­nan se­bit we hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry hem-de du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň bin­ýa­dyn­da «Hal­ka­ra hu­ku­gy» at­ly Aş­ga­bat hal­ka­ra plat­for­ma­sy­ny dö­ret­mek, mil­li we hal­ka­ra bi­ler­men­le­riň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra hu­ku­gy bo­ýun­ça okuw, yl­my-usu­ly­ýet we mag­lu­mat gol­lan­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, elekt­ron bi­lim se­riş­de­le­ri­ni dö­ret­mek ýa­ly bir­nä­çe iş­le­ri ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Umu­man, «2028-nji ýyl – Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hal­ky­myz­da çuň­ňur buý­sanç dö­ret­di. Şeý­le hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­rdyr tek­lip­le­riň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bol­sa, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä we se­bit sy­ýa­sa­tyn­da­ky äh­mi­ýet­li or­nu­ny has-da ber­kid­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk tag­ly­ma­tyn­da, hor­mat­ly
Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan hoş­ni­ýet­li sy­ýa­sa­tyn­da dün­ýä­niň asu­da gel­je­gi­ne, hal­kla­ryň bag­ty­ýar­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len be­ýik mak­sat­lar bar. Adam­za­dyň bäh­bi­di­ne, yn­san­per­wer­li­ge ýug­ru­lan be­ýik iş­le­ri my­da­ma ro­waç al­syn!

Parahat Ataýew,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.