Dünýäde arzylanýan kär, hünär kän. Şeýle bolansoň, her bir ynsan saýlap alan hünärine çagalykdan imrinýär. Onsoň ýaş zehin şol ýyllardan şineläp kök urmaga başlaýar, özbaşdak zähmete başlansoňam şol hünär onuň bütin ömrüne, ykbalyna bezeg berýär. Biz munuň hakykatdanam şeýledigine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Polat Mämiýewiň döredijilik dünýäsine syýahat edenimizde has içgin göz ýetirdik.
Polat Mämiýew 1980-nji ýylyň 30-njy martynda Aşgabat şäherinde dogulýar. Ol heniz mekdep ýaşyna ýetmänkä, palçykdan adamyň, haýwanlaryň şekillerini ýasamaga höwesek eken. Muny ilkinji duýan kakasy arhitektor Kakageldi aga bolupdyr. Bir gün: «Ine, oglum, saňa dürli reňkdäki plastilinlerden bir toparyny getirdim. Indi sen palçyk oýnap ýörmeli bolmarsyň. Plastilinden ýasamagy öwren!» diýip, başyny sypan hem kakasy eken.
Şol günden başlap Polat plastilinden şekil ýasap başlaýar. Ol mekdepde okan ýyllary surat çekmek, plastilinden adamyň, atyň, şonuň ýaly-da dutar, gyjak ýaly saz gurallarynyň keşbini ýasamaga türgenleşipdir. Eýýäm ýokary synplarda okaýan wagtlary onuň ady öz ugruny saýlan okuwçylaryň hatarynda tutulyp başlanypdyr.
P.Mämiýew 1995-nji ýylda paýtagtyň şol wagtky 54-nji orta mekdebiniň sekizinji synpyny tamamlap, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebini, soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebini tamamlaýar. 1999-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna okuwa girýär. B.Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde oňa Jemile Amanowa, Wepa Orazberdiýew halypalyk etseler, ýörite çeperçilik mekdebinde Türkmenistanyň halk suratkeşleri Babasary Annamyradow, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew dagy halypalyk edýär. Saragt Babaýew Poladyň çeperçilik akademiýasynda okan ýyllarynda-da baş halypasy bolýar. Bu günki gün Polat Mämiýew halypa, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen bir ýerde işläp, onuň bilen her bir işde maslahatlaşyp durýar.
Heýkeltaraş Polat Mämiýewiň elinden çykan eserleriň käbiri hakynda aýratyn durup geçmezlik mümkin däl. Biz Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ezber heýkeltaraş Polat Mämiýewiň ussahanasynda bolanymyzda, zehinli şahyr Gurbannazar Ezizow, meşhur kompozitor Nury Halmämmedow we ussat aýdymçy Atageldi Garýagdyýew ýaly üç ägirdi bir ýere jemlän ajaýyp heýkele gözümiz düşdi. Ýokary derejede ýerine ýetirilen bu heýkelde dostlar ylla bir ýerde duşuşyp, häzirem pikir alşyp duran ýaly. Heýkeltaraşyň döreden eserleriniň arasynda Amangeldi Gönübegiň heýkeli aýratyn orny eýeleýär. Heýkeltaraşyň her bir döreden eseriniň aňyrsynda çuňňur filosofik many bar, ol bu heýkelinde hem Amangeldi sazandany watançy edip görkezipdir.
Bary-ýogy ýaşan otuz dokuz ýylynda saz älemine uly şahsyýet bolup siňen sazanda Jepbar Hansähediň «At çapan» sazyny çalyp duran heýkeli has hem üýtgeşik. Sazandanyň arkasynda bir bedew süýnüp barýar. Bu iş sergide görkezilende, ol baş halypasy Saragt aganyň göwnünden turan işleriň biri bolup, onuň ýokary derejede ýerine ýetirilendigini bellemegi P.Mämiýewi mundan buýana-da ruhy gözleglere atarýar.
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen toýlanan 2021-nji ýylda «Türkmen alabaý itleri» halkara assosiasiýasy tarapyndan türkmen bedewiniň hem-de alabaýynyň gözelligini beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşikde P.Mämiýewiň «Türkmen alabaýy» atly heýkeli saýlanyp alnyp, bäsleşigiň ýeňijisiniň şahadatnamasyna hem-de gymmat bahaly sowgadyna mynasyp bolýar.
Ussat heýkeltaraş 2024-nji ýylyň öndümli işlän ýyllarynyň biri bolandygyny buýsanç bilen belleýär. Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berlen bu orta mekdebiň binasynyň öňünde goýlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň awtory bolmak bagty heýkeltaraş Polat Mämiýewiň paýyna düşüpdi. Şol gün Aşgabatda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumy hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan dabaraly açyldy. Mekdebiň eýwanynda oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ajaýyp heýkeli bolsa bu binanyň bezegine bezeg goşdy.
Hawa, çagalykdan şinelän zehin bu günki günde şägirtlerden hem birnäçesini ýetişdirdi. Olardan akademiýanyň öňki uçurymlary Maksat Nurmedow, Süleýman Atamämmedow, altynjy ýylynyň talyby Serdar Jumaýew dagy geljegine umyt bildirilýän ýaşlaryň hatarynda tanalýarlar. P.Mämiýew olaryň kömegi bilen köp ýerde sergiler gurady we gurap gelýär. Arkadag şäherindäki S.Jepbarowyň adyny göterýän sazçylyk mekdebinde, Awazadaky seýilgähleriň içinde olaryň ýasan heýkelleri – Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň şekilleri goýuldy. P.Mämiýewiň tebigat gözellikleriniň waspy ýetirilýän eserleri paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda, «Ylham» seýilgähinde, «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkeziniň diwarlarynyň bezeginde, başga-da ençeme binalarda öz beýanyny tapdy.
Zehinli heýkeltaraşyň iki ogly, iki gyzy bar. Uly gyzy Ogulnar Kakageldiýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby bolup, nakgaş ugrundan okaýar.
Polat Mämiýew talyplarda çeper özboluşlylygy ýüze çykarmakda, olaryň her biriniň döredijilik ukybyny açyp görkezmekde uly tagalla edýär. Ussat heýkeltaraş işine yhlasly ýapyşýar, agtarýar, tapýar. Onuň saz äleminiň ägirtleri Mylly Täçmyrat, Ödenyýaz Nobat, Nurberdi Gul, Magtymguly Garly, Döwletgeldi Ökdir ýaly bagşy-sazandalaryň,
1948-nji ýylyň aýylganç ýertitremesi bilen baglanyşykly enäniň keşplerini heýkele geçirmek arzuwy bar. Şeýle bolansoň, Polat Mämiýewiň ýurdumyzda heýkeltaraşlaryň öndürijilikli işlemegi üçin hem-de milli gymmatlyklarymyzy giňden wasp etmäge giň mümkinçilik döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarynyň çägi ýok.
Goçy Annasähedow,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym kätibi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, ýazyjy.
Surata düşüren
Ahmet Taňrygulyýew.
PDF








