Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşlere beslenýär, şanly wakalar bilen dabaralanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalarynyň ýene-de biriniň şaýady bolduk. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligi bolup, şol bir wagtda türkmen Bitaraplygynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy uly ösüşleriň, üstünlikleriň gözbaşy bolup durýar. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklaryny, özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn möhüm orna eýedir. Garaşsyz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, halkara derejede uly abraýa eýe bolýar. Munuň özi ösüşler hem özgerişler ýoly bilen öňe barýan, halkara hyzmatdaşlykda işjeň syýasaty durmuşa geçirýän berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işleriniň ajaýyp miwesidir.
Üstümizdäki ýylda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine 30 ýyl dolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama Milletler Bileleşigine şol wagtky agza ýurtlaryň 185-si tarapyndan ilkinji gezek kabul edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllygy bellenilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda, ýagny 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda ikinji gezek kabul edildi we şunuň bilen Bitaraplyk syýasatymyz has-da berkidildi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. Bitaraplyk baýramynyň halkara derejä eýe bolmagy bütin dünýäde parahatçylyksöýüjilikli syýasatymyzyň dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.
Ýurdumyz hemişelik Bitaraplygyň, parahatçylyksöýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň daşary syýasatynyň özeni bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny iş ýüzünde hemişe subut edip gelýär. Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri, «Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine degişli kabul edilen Kararnamalaryň onlarçasy munuň anyk subutnamalarydyr.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerledýän hem-de umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistanyň eýe bolýan sepgitlerine, gazanýan üstünliklerine dünýäniň habarlar giňişliginde hem gyzyklanma barha artýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde dünýä derejesinde uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu beýik işleriň her biri ýurdumyzyň ösüşlerini, halkyň abadan we bagtyýar durmuşyny, umumadamzat bähbitlerini üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler parahatçylyksöýüjilige hil taýdan täze itergi berip, Watanymyzyň şöhratly taryhyna möhüm sahypany ýazýar. Ýurdumyzyň ösüşlerini üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Jemal BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.