Kanadanyň Britan Kolumbiýasy welaýatyndaky Williston kölünde täsin tebigy hadysa hasaba alyndy. Üsti tokaýlyk bolan adanyň ýerinden süýşendigi anyklandy. Alymlar bu hadysanyň suwuň derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglydygyny belleýärler. Meýdany 1 gektara golaý bolan adanyň üstünde agaçlar we beýleki ösümlikler bar. Uzynlygy 140, ini 70 metre ýetýän adanyň suwuň ýüzünde süýşýändigi çaklanyldy. Ýewropanyň Kosmos agentliginiň «Sentinel-2» emeli hemrasy arkaly alnan suratlarda adanyň, hakykatdan hem, süýşendigi aýan boldy. «Science Alert» neşiriniň habaryna görä, şol ýeriň Roki Aweri atly ýaşaýjysy gaýykly gezip ýörkä üsti tokaýly adany surata düşüripdir we jemgyýetçilik torunda ýerleşdiripdir. Surata seredilende, ada äpet sala meňzeýär. Williston kölüne şol ýerde gidroelektrik bekedini dolandyrýan «BC Hydro» kompaniýasy gözegçilik edýär.
Kompaniýanyň spikeri Robert Gammer suraty ilki görende emeli aň bilen döredilendir öýdüpdir. «Sentinel-2» emeli hemrasynyň şu ýylyň 21-nji iýulynda düşüren suratynda kölüň ýüzünde ýaşyl reňkli kiçi zadyň bardygyny görmek bolýar. Ada şol wagt gidroelektrik bekediniň 100 kilometr günbatarynda ýerleşýärdi. Has ozal düşürilen suratlarda bolsa, ol ýerde hiç zat görünmeýär.
Mähri Begçäýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
PDF








