21-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga zerur üns berýändigini belledi hem-de ýurdumyzda oba hojalygy pudagynda amala aşyrylýan özgertmelere ýokary baha berdi. Şunuň bilen bir hatarda, Suý Dunýuý Türkmenistanyň ählumumy ekologik derejede abadançylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz iri halkara düzümiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly şertlerde azyk howpsuzlygy boýunça gatnaşjak sebitleýin maslahatynyň bu meseleler boýunça pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyny belledi. Onuň ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesidir, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjakdygyna, täze başlangyçlara itergi berjekdigine hem-de howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygynyň ählumumy meselelerini çözmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirip, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda FAO bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyz bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Türkmenistanda bu düzümiň goldawy bilen oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýer serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalar üstünlikli amala aşyryldy hem-de häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyryldy. Mundan başga-da, oba hojalyk ekinlerini goramak boýunça milli we sebit derejesinde tagallalary pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalar durmuşa geçirilýär. “Ýaşyl” howa gaznasynyň çäklerindäki başlangyçlar, “Bitewi saglyk” konsepsiýasy ilerledilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
***
Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Sýu Dunýuý Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek we tehniki ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
PDF









