BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň resmi saýtynda çap edilen resminama laýyklykda, dünýä guramasynyň indiki Baş sekretary wezipesine ýene-de iki dalaşgär hödürlendi.
Häzirki wagtda Afrika Bileleşigine başlyklyk edýän Burundi Senegalyň öňki Prezidenti Maki Salyň dalaşgärligini hödürledi, Kosta-Rika bolsa ykdysatçy we ýurduň öňki wise-prezidenti Rebeka Grinspeni hödürledi.
Täze dalaşgärler bilen birlikde häzirki wagtda Baş sekretar wezipesi ugrunda dört dalaşgär bäsleşýär. Beýleki iki dalaşgär bolsa Çili, Braziliýa we Meksika tarapyndan hödürlenen Çiliniň öňki Prezidenti Mişel Baçelet hem-de Argentina tarapyndan hödürlenen Halkara atom energiýasy agentliginiň (MAGATE) häzirki baş direktory Rafael Grossidir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Annalena Berbok BMG-ä agza döwletlere iberen hatynda, 20-nji aprelden başlanýan hepdede dalaşgärler bilen geçiriljek interaktiw gepleşikleriň tertibini mälim etdi.
Gepleşikler BMG-niň işiniň üç esasy ugry bolan parahatçylyk we howpsuzlyk, adam hukuklary hem-de ösüş ugruna esaslanar. Hatda bellenilişi ýaly, her bir dalaşgär öz garaýyşlaryny hödürlär, şondan soň agza döwletler sorag bererler we ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşarlar. Şeýle-de, hatda dalaşgärleriň interaktiw gepleşikler başlamazyndan öň we gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin 1-nji aprelden giç galman hödürlenmelidigi bellenilýär.
PDF









