Lýuksemburgda geçirilen maslahatda maliýe ministrleri derejesinde Ýewropa Bileleşigi Geňeşi 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Bolgariýanyň ýewro zolagyna goşulmagyny tassyklady.
“Ýewropa Bileleşigi Geňeşi Ýewropa Komissiýasynyň Bolgariýany ýewro sebitine kabul etmek baradaky teklibini goldady” diýip, resminamada aýdylýar.
Bolgariýanyň ýewro zolaga geçişi baradaky gutarnykly karar 26-njy iýunda Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde ylalaşyk çözgüdi bilen kabul ediler.