Şu gün, 17-nji awgustda Boliwiýada Prezident we parlament saýlawlary geçirilýär. Häzirki döwlet Baştutany Luis Arse täze möhlete dalaş etmezlik barada karara geldi.
Sekiz dalaşgär iň ýokary döwlet wezipesine dalaş edýär. Pikir soralyşyklara görä, öňe saýlanýanlar sagçy güýçleriň wekilleri – işewür Samuel Doria Medina we öňki Prezident (2001-2002) Horha Kiroga.
Boliwiýalylar döwlet baştutanyndan başga-da, 130 deputat we 36 senator üçin ses berýärler.