Boliwýada geçirilen prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda merkez sagçy partiýanyň dalaşgäri, senator Rodrigo Pas ýeňiş gazandy. Pas 8-nji noýabrda geçiriljek kasam kabul edişlik dabarasyndan soňra wezipesine girişer. Ýurduň Ýokary Saýlaw kazyýeti sesleriň 97 göterimi sanalandan soň, Hristiýan demokratiýa partiýasynyň dalaşgäri, 58 ýaşly Pasyň 54,53 göterim ses alandygyny mälim etdi. Ozalky prezident Horhe Kiroganyň 45 göterim ses alandygy mälim edildi. Soňky 20 ýylda ýurduň häkimiýetini çepçi Sosýalizme tarap hereket partiýasy (MAS) eýeleýärdi.
Pas saýlaw kampaniýasynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirjekdiklerini, ykdysady erkinligi artdyrmagy, önümçiligi we söwdany höweslendirmegi, şeýle hem kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýanlara karz mümkinçiligini döretmegi wada beripdi.