Hindi kino sungatynyň ägirdi, Bolliwudyň meşhur aktýory Dharmendra 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol 1935-nji ýylyň 8-nji dekabrynda şol wagtky Hindistanyň (Brithish India) Punjab welaýatynyň Ludhiana etrabynyň Nasrali obasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Kewal Kuşan oba mekdebiniň ýolbaşçysy wezipesinde işleýärdi.

Doly ady Dharmendra Kewal Krişan Deol bolan aktýor kino sungatyna 1960-njy ýyldaky “Dil Bhi Tera Dil Bhi Yere” atly film bilen aralaşýar. 65 ýyllyk sungat karýerasy boýunça 300-den gowrak filmde ululy-kiçili keşplerde surata düşen aktýor onlarça baýragyň eýesidir. “He-Man” hem-de Garam Dharam” lakamlary bilen hindi kino sungatynda öçmejek yz galdyran Dharmendranyň “Aw” (Shikar), “Zita we Gita” (Seeta Aur Geeta), “Dost” (Dost), “Ar we kanun” (Sholay), “Gulçulyk” (Ghulami), “Hökümet” (Hukumat), “Hemme ýer alawly” (Aag Hi Aag), ýaly kinolary ýatlanmagy mynasypdyr. Onuň ozalky SSSR-iň hem-de Hindistanyň bilelikdäki önümi bolan 1980-nji ýylda ekranlara çykan “Ali Baba we kyrk garakçylar” (Alibaba aur 40 Chor) filmi-de türkmen kino muşdaklarynyň arasynda has meşhurdyr.

Dharmendra 1954-nji ýylda Prakaş Kauri bilen durmuş gurýar. Soňra 1980-nji ýylda meşhur aktrisa Hema Malini bilen durmuşyny birleşdirýär. 6 çaganyň kakasy bolan Dharmendranyň ogullaryndan Sanni Deol hem-de Bobbi Deol ýurduň meşhur aktýorlarynyň hatarynda görkezilýär. Onuň gyzy Eşa hem kakasynyň kärini dowam etdirýär.
PDF







